Yslam dünýäsinde raýdaşlyk, parahatçylyk we durnukly ösüş üçin Eýranyň başlangyjy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Mejlisler Bileleşiginiň maslahatynda eden çykyşynda Eýran Yslam Şuwra Mejlisiniň başlygy "Yslam dünýäsi" Parahatçylyk we durnukly ösüş üçin raýdaşlyk atly üç strategiýany öz içine alýan başlangyç teklibi hödürledi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Mejlisler Bileleşiginiň maslahatynda eden çykyşynda Eýran Yslam Şuwra Mejlisiniň başlygy "Yslam dünýäsi" Parahatçylyk we durnukly ösüş üçin raýdaşlyk atly üç strategiýany öz içine alýan başlangyç teklibi hödürläp,düşündirdi.
Eýran mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şu gün (duşenbe) Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentler Bileleşiginiň 17-nji ýygnagynda, zerur zatlaryň köpüsine eýe bolmagyna garamazdan , häzirki döwürde ,Yslam dünýäsiniň halkara ulgamynyň mümkinçiliklerine laýyk gelýän roly oýnamaýandygyny aýtdy. Eýran mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" bu başlangyç inisiatiwanyň köptaraplaýynlygy nygtaýar we jedelli meselelerden gaça durmak bilen Yslam döwletleriniň we halklarynyň umumylyklaryna ünsi jemleýär diýdi.
Eýran mejlisiniň başlygynyň sözlerine we innowasiýa teklibine agza döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ösmegine, esasanam yslam ýurtlarynyň agzybirligini we ýakynlygyny gorap saklamaga, şeýle hem duşmanlaryň meýilnamasyna garşy durmaga baha berip bolar. bu çemeleşme ýurtlaryň parlamentleri bileleşiginiň mejlisiniň iň möhüm maksatlaryndan biridir.
Häzirki wagtda yslam dünýäsi, käbir içerki tapawutlar we duşmanlaryň dildüwşükleri sebäpli ähli güýçiň köp böleklerine garamazdan, Hakyky ýagdaýa we musulmanlara mynasyp oruna ýetendäldir.Mysal üçin, dünýä ilatynyň dörtden bir bölegini emele getirýän BMG-de elli gowrak yslam döwletiniň agzalygyna garamazdan, olaryň wekilleri global kararlara düýpli täsir etmeýär. Bu ýurtlaryň käbirisi, syýasy taýdan garaşsyzdygyna we köp baýlyga eýe bolandygyna garamazdan, öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hatda daşary ýurt güýçlerine-de baglydyr.
Şol bir wagtyň özünde, ulumsy dünýä, Yslam dinine garşy ýeke-täk pozisiýa eýeledi, şonuň üçin ýalan çap edip, Yslamy we Pygamberimiziň (saw) maşgalasyny kemsidip, bölünişik we yslamofobiýa döretmäge synanyşýar.
Bu ýagdaýda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Geňeşleri Bileleşigi ýaly guramalaryň yslam ymmatynyň umumylyklaryny birleşdirip we ünsi jemläp, Yslam dünýäsiniň ýagdaýyny gowulaşdyrmakda rol oýnap biljekdigine şek ýokdyr.