Eýranyň Daşary işler ministriniň Nikaragua sapary:
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20424-eýranyň_daşary_işler_ministriniň_nikaragua_sapary
Eýranyň 13-nji döwleti , Latyn Amerikasy bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi isleýär.
(last modified 2023-02-03T11:31:06+00:00 )
Feb 03, 2023 16:31 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministriniň Nikaragua sapary:

Eýranyň 13-nji döwleti , Latyn Amerikasy bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi isleýär.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahiýan Nikaragua saparynda bu ýurduň resmileri bilen maslahatlaşdy.

Bu duşuşyklaryň çäginde,Eýran Yslam Respublikasy bilen Nikaraguanyň arasynda hyzmatdaşlygyň we syýasy geňeşmeleriň memorandumyna gol çekildi. Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahiýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň tizligine we giňelmegine şaýat bolýars diýmek bilen , Soňky aýlarda iki ýurduň arasynda ylym, tehnologiýa, energiýa, saglyk, sanjymlar we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk has köpeldi we giňeldi diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Nikaragua kärdeşi bilen bilelikdäki duşuşygynda şeýle-de“Eýranyň daşary syýasat doktrinasynyň çäginde Latyn Amerikasyna seretmek möhüm mesele bolýar diýip aýtdy. Amir Abdullahiýan: Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň deňagramly daşary syýasat doktrinasynyň çäginde Latyn Amerikasyna we dostlarymyza seretmek Tähranyň ýörelgesi dir diýdi. Eýran Yslam Respublikasy döredileli bäri garaşsyz we azatlygy söýýän ýurtlar we dünýäniň eziji we agalyk ediji ýurtlara garşy bolýan ýurtlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge hemişe üns berilýär diýdi. Şunuň bilen baglylykda, soňky birnäçe onýyllykda Eýranyň, esasanam Günbataryň gegemon syýasatlaryna we hereketlerine garşy çykýan dürli ýurtlar bilen gatnaşyklary hemişe giňelýär. Bu çemeleşme, 13-nji hökümetiň dinamiki daşary syýasatynyň çäginde möhüm ösüş gazandy. Hususan-da, Eýran Kuba, Wenesuela we Nicaragua ýaly Latyn Amerikasy sebitindäki käbir ýurtlar bilen bir hatarda imperializme garşy göreşmek we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky global ulumsylyk bilen garşylaşmagy ýola goýandyr. Günbatarlylaryň, esasanam öz isleglerini we maksatlaryny beýleki ýurtlara ýüklemek isleýän ABŞ-nyň pozisiýalaryna we hereketlerine garşy durmakda Eýran we Ltyn Amerika ýurtlary hyzmatdaşlyk etýärler. Eýranyň Kuba, Nikaragua, Braziliýa, Çili we Wenesuela we beýleki Latyn we Günorta Amerika ýurtlary bilen gowy gatnaşygy bar we bu gatnaşyklaryň 13-nji hökümetiň dürli ugurlarynda ösdürilmegine garaşylýar. Soňky ýyllarda Eýran bilen Latyn Amerikasynyň progressiw ýurtlarynyň gatnaşyklary hemişe ösýär we bu gatnaşyklar syýasy, ykdysady, söwda, senagat, energiýa, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda giňelýär. Muňa mysal hökmünde Eýran bilen Wenesuelanyň arasyndaky giň gatnaşyklar bardyr.