Amir Abdollahian Latyn Amerikasyna saparynyň üçünji nokadynda Kuba gitdi
(last modified Sat, 04 Feb 2023 16:23:17 GMT )
Feb 04, 2023 21:23 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian Latyn Amerikasyna saparynyň üçünji nokadynda Kuba gitdi

Eýranyň daşary işler ministri Wenesuelanyň resmileri bilen duşuşandan we gürleşenden soň, Latyn Amerikasyna saparynyň üçünji nokady bolan Kubanyň paýtagty Gawana gitdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Wenesuelanyň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşandan we gürleşenden soň, şenbe güni agşam Karakasdan Kubanyň paýtagty Gawana gitdi.

Amir Abdollahian Kuba sapary wagtynda bu ýurduň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşar we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşar we maslahatlaşar.

Syýasy wekiliýetiň başynda Wenesuela giden Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy, bu ýurduň Daşary işler ministri Iwan Khel Pinto, Prezident Nikolas Maduro, Ykdysady Wise-prezident Tarek Al-Aisami we Nebit ministri Delsi Rodriges we bu ýurduň mejlisiniň başlygy bilen hem duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Tags