Aziýanyň dürli sebitlerinde Fajr on günlik dabarasynynyň geçirmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20550-aziýanyň_dürli_sebitlerinde_fajr_on_günlik_dabarasynynyň_geçirmegi
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň şanly ýeňşiniň ýyl dönümi dürli ýurtlarda, sebitlerde we şäherlerde şöhratly gadyrlandy.
(last modified 2023-02-12T10:37:29+00:00 )
Feb 12, 2023 15:37 Asia/Ashgabat
  • Aziýanyň dürli sebitlerinde Fajr on günlik dabarasynynyň geçirmegi

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň şanly ýeňşiniň ýyl dönümi dürli ýurtlarda, sebitlerde we şäherlerde şöhratly gadyrlandy.

Kaşmiriň Kargol sebtinde müňlerçe raýaty, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňişiniň dabarasynda köçelere çykyp Ymam Homeýni (RA)-yň we ynkylap şehitleriniň ideallaryna ýetmek ýolunyň dowam etmegine ünsi çekdiler. Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 44 ýyllygyny öňki ýyllardaky ýaly düşündirip bolmajak şöhrat bilen bellediler. "Fajr on günligi" diýlip atlandyrylýan Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümi her ýyl 1-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda bellenilýär. Köp ýurtlaryň musulmanlary Fajr on günligini we Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümini Eýranyň halky bilen bir wagtda belleýärler.

1979-njy ýylda Ymam  Homeýni  (RA)-yň ýolbaşçylygynda Eýranyň halky, Şahy we Pahlawi şa maşgalasyny agdarmak bilen Amerikanyň Eýrandaky syýasy täsirini diýen ýaly tamamlady. Bu ajaýyp we taryhy waka, dünýädäki ulumsylyk bilen üznüksiz göreşe giren dünýädäki ähli erkinlik gözleýänler üçin görelde bolup durýar. Şonuň üçin Kaşmiriň ilaty Yslam Rewolýusiýasynyň gimnleri bilen ýöriş geçirip, eýran halkynyň   Amerika garşylygyny gadyrladylar. Halkara meseleler boýunça bilermen "Mohsen Roý Sefat":Hindi Subkontinentiň ilaty, şol sanda Kaşmiriň raýaty Yslam rewolýusiýasyna hemişe aýratyn ygrarlydy diýip nygtandyr.  

Yslam rewolýusiýasyny söýýänler Hindi Subkontinentinden başga-da Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýada, dürli dabaralar geçirip, Eýranda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümini bellediler. Bu ýylky dabara Malaýziýanyň ýokary derejeli resmileriniň, şol sanda öňki premýer-ministr we 97 ýaşly syýasatçy"Mahathir Muhammet,we beýleki şahsyýetler, akademik, medeni we dini şahsyýetler, kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri   gatnaşdylar . Doktor "Mahathir Muhammet" Eýranyň habar gullugynyň Malaýziýadaky habarçysy bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde:Erkin we garaşsyz yslam döwleti hökmünde aýak üstünde durýan we ähli rehimsiz sanksiýalara garamazdan öňe gidýän Eýranaumydymyz bar "-diýdi.

Bu nukdaýnazardan Yslam dünýäsiniň hünärmenleriniň arasynda aç-açan Hormaty bar we olar hemişe yslam rewolýusiýasyny wasp edýärler.