Eýranyň Medeniýet ministri Türkmenistana gitdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we Yslam Gollanma ministri Goňşy ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar hökümetiň meýilnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýtdy.
Medeniýet we Yslam Gollanma ministri Muhammet Mehdi Esmaili, Eýranyň Türkmenistanda geçiriljek medeni hepdelik maksatnamalaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gitdi.
Eýranyň Türkmenistanda medeni hepdesi 2023-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 14-nji fewraly aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň we medeni geňeşiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda geçiriler.
Medeniýet we Yslam Gollanma ministri, Türkmenistanyň Medeniýet ministri we saýlanan eýranly hünär we sungat eýeleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu medeni çäre, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 3 gün dowam eder.
Dostlukly we musulman goňşy ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary saklamak hökümetiň ileri tutýan ugurlarydy we şu ýyl bu ýurtlar bilen yzygiderli gatnaşykda bolduk diýip Medeniýet we Yslam Gollanma ministri Muhammet Mehdi Esmaili aýtdy.
"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Medeniýet we Yslam Gollanma ministri "Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanda Eýranyň medeni hepdeligine gatnaşmak üçin bu ýurda gidýärindigini we bu saparyň gidişinde ähli ugurlarda, esasanam medeniýet we sungat ugurlarynda täze şertnamalara gol çekilmegini umyt edýärin diýdi.