Raisi: Eýranyň daşary syýasaty ynamy berkitmäge we Aziýada ykdysady ýakynlyga esaslanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň syýasatynyň goňşularyň arasynda ynamy berkitmäge we Aziýada ykdysady ýakynlaşma esaslanýandygyny aýtdy.
Soňky ýyllarda Eýran bilen Hytaý gatnaşyklaryny üç derejede "syýasy-ykdysady", "howpsuzlyk- goranmak" we "geosyýasy-strategiki" giňeltdiler we 25 ýyllyk strategiki resminama gol çekilmegi bu etaby tamamlamak üçin möhüm ädim boldy.
Şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni Hytaýyň prezidentiniň resmi çakylygy boýunça bu ýurda bardy.
Raisi şu gün irden (penşenbe) Hytaýyň prezidenti, premýer-ministri we Hytaýyň Milli Halk Kongresiniň başlygy bilen duşuşandan soň Tährana geldi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Tährana gelen badyna bu saparyň üstünlikleri barada şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasaty goňşularyň arasynda ynam döretmek we Aziýada ykdysady ýakynlaşma syýasatydyr we bu sapar şu sebäpden möhümdir welin, ykdysady we söwda ugurlarynda göreldeli şertnamany durmuşa geçirip bildi; Şol sebäpli iki ýurduň arasynda prezidentleriň gatnaşmagynda 20 sany özara düşünişmek memorandumy gol çekildi.
Raisi bu saparda halkara, sebit we sebitara guramalardaky hyzmatdaşlygyň gözden geçirilendigine yşarat edip Eýranyň agza bolan Şanhaý şertnamasynda Hytaý möhüm rol oýnaýar, beýleki tarapdan, Eýranyň BRICS-e agzalygy Hytaý tarapyndan garşylandy diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň sebitde we dünýäde howpsuzlyk pudagynda täsirli rol oýnaýandygyny aýtmak bilen Hytaý dünýäniň ösýän ykdysadyýeti hasaplanýar we bu ýurt bilen gowy gatnaşyk biziň üçin gaty täsirli bolup biler diýip sözlerine goşdy.