Safari: Azerbaýjan Respublikasy Eýranyň strategiki hyzmatdaşy
Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Azerbaýjan Respublikasyny Eýranyň strategiki hyzmatdaşy hasaplady.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari anna güni Gündogar Azerbaýjanyň (Eýranyň demirgazyk-günbatary) Hoda Afarin şäheriniň serhet zolagyna baranda bu şäheriň serhet geçelgesiniň döredilmeginiň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyny mälim etmek bilen öňümizdäki günlerde, ikitaraplaýyn ýygnaklarda Hoda Afarin şäherinde serhet geçelgesini döretmek baradaky soňky şertnama gol çekiler diýdi.
Safari şeýle hem Ermenistanyň tarapyndan Aras derýasynyň hapalanmagy meselesini hem agzamak bilen, eger-de tehniki we bilermenleriň gözlegleri daşky gurşawyň hapalanmagyny tassyklasa, ermeni tarapdan hapalanmagy aýyrmagy we bu ugurda öňüni alyş çärelerini görmegini talap ederis diýip sözlerine goşdy.