Gasemi:Guterreşiň Eýranda adam hukuk ýagdaýy barada çykaran hasabatynyň ygtybary ýokdyr
(last modified Fri, 02 Mar 2018 14:06:41 GMT )
Mar 02, 2018 19:06 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Guterreşiň Eýranda adam hukuk ýagdaýy barada çykaran hasabatynyň ygtybary ýokdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterreşiň Eýranda adam hukuk ýagdaýy barada çykaran soňky hasabatyna yşarat edip bu hasabatda deňlik ýokdyr we aýyplary gaty kändir we Eýran Yslam Respublikasynyň garaýyşyndan ygtybarsyzdyr diýip yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Bahram Gasemi Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň hasabatynda ynamly bolmadyk çeşmelerden peýdalanylandyr diýmek bilen bu hasabatda adam hukuk meselesi hakynda Eýranyň gazanan üstünlikleri we bitiren işleri görülen däldir diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy öňdebaryjy yslam usullary hemde ýurdyň baş kanuny esasynda raýatlarynyň hukukynyň derejesini ýokarlandyrmagyň yzyndadyr diýip yglan etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterreş Amerikanyň syýasatlary bilen bir ugurda soňky günlerde Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuk geňeşine beren hasabatynda Eýranda hamala adam hukukynyň gödek bozulmagyndan howatyrlanma bildiren boldy.

adam hukuky garaşsyz we eziji düzgünlere garşy durýan ýurtlara basyş bermek üçin Günbatar döwletlerine bir abzala dönendir.