Sardar Fadawi: Eýran öz mümkinçilikleriniň az bölegini duşmanlaryna görkezdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20810-sardar_fadawi_eýran_öz_mümkinçilikleriniň_az_bölegini_duşmanlaryna_görkezdi
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyň Baş serkerdebaşysynyň orunbasary General "Ali Fadawi" ​​duşmanlar türgenleşiklerde Eýran Yslam Respublikasynyň mümkinçilikleriniň diňe bir bölegini gördüler diýip nygtady.
(last modified 2023-03-04T03:36:44+00:00 )
Mar 04, 2023 08:36 Asia/Ashgabat
  • Sardar Fadawi: Eýran öz mümkinçilikleriniň az bölegini duşmanlaryna görkezdi

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyň Baş serkerdebaşysynyň orunbasary General "Ali Fadawi" ​​duşmanlar türgenleşiklerde Eýran Yslam Respublikasynyň mümkinçilikleriniň diňe bir bölegini gördüler diýip nygtady.

Şenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesiniň orunbasary Sardar "Ali Fadawi" Al-Maýadin habar kanalyna beren interwýusynda soňky türgenleşiklerde duşmanlaryň olary görüp ýatdan çykarmaz ýaly mümkinçiliklerimiziň diňe bir bölegini görkezdik diýdi.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy Gorag Korpusynyň Baş serkerdebaşysynyň orunbasary şeýle-de, Amerikalylaryň bu 44 ýylda Eýran bilen bolan ähli konfliktlerinde şowsuzlyga uçrandygyny aýtmak bilen Eýran halkyna garşy geçirilen köp sanly ýeňlişi göz öňünde tutup, duşmanlar indi ykdysady taktika bilen meýdana geldiler ýöne bu ugurda-da hem şowsuz bolarlar diýdi.