Grossiniň Eýrana sapary
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi Eýran bilen ýadro meseleleri boýunça gepleşiklerde möhüm ösüşe ünsi çekdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi şenbe güni agşam Wena howa menzilinde Tährandan gaýdyp geleninden soň, Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasyna Eýranyň ýadro desgalaryna girmäge rugsat bermek barada ylalaşdyk diýip yglan etdi. Ol şeýlede, tehniki ýygnaklar Eýran tarapy bilen ýakyn wagtda geçiriler we ýakyn wagtda Eýranda käbir gözegçilik enjamlary işe giriziler diýdi.
Grossi: "Iň bolmanda Eýran hökümeti bilen bolan söhbetdeşligimde möhüm öňegidişlikleriň bardygyna ynanýaryn we Meni eşitdiler öýdýärin we ýakyn wagtda netijeleri göreris diýip umyt edýärin diýdi.
Grossi 12-nji mart, anna güni öýlän bir wekiliýetiň başynda Tährana geldi. Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy Muhammet Yslami bilen iki gezek gepleşik geçirdi, soňra bilelikdäki metbugat ýygnagyna gatnaşdy we Žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi. Grossi Eýranyň Daşary işler ministri Amir Abdollahian we Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi bilen hem duşuşdy. Eýranyň Daşary işler ministri Grossi bilen bolan duşuşygynda Eýranyň howpsuzlyk meselelerini gysga wagtda tehniki taýdan çözmek baradaky çynlakaý islegini agzady .Emma IAEA-nyň Baş müdiri bu guramanyň meseleleri tehniki usullar arkaly çözmäge taýýardygyny aýtdy. Eýranyň prezidentiniň syýasy orunbasary Muhammet Jemşidi Twitterde şeýle ýazdy: "Rafael Grossi, Prezident bilen duşuşygynda, Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýoluny tekizlemek boýunça bilelikdäki meýilnamanyň gazanylmagyna kanagatlanma bildirdi. Aýatolla Räisi hem hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn mesele hökmünde bilip "Agentligiň garaşsyzlygyny we Eýran halkynyň hukuklarynyň goralmagyny nygtady.
Grossiniň Eýrana eden oňyn sapary ,Tähranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen gatnaşyk saklamak we arasyndaky meseleleri çözmek baradaky oňyn we konstruktiw çemeleşmeleri görkezýär.
Eýranyň IAEA bilen konstruktiw aragatnaşygyna garamazdan, günbatarlylaryň psihologiki we propaganda söweşi soňky günlerde dowam tapandyr.Olar Eýranyň käbir ýadro desgalarynda 84% baýlaşdyrylan uran bölejikleriniň tapylmagyny bahana edip, Eýranyň ýadro ýaraglary bejermäge synanyşýandygyny öňe sürýärler.