Eýranyň Içeri işler ministrliginiň birnäçe eýranly okuwçynyň zäherlenmegi baradaky beýannamasy
Eýranyň Içeri işler ministrligi birnäçe eýranly okuwçynyň zäherlenmegi barada beýannama neşir etdi.
Şenbe güni Eýranyň Içeri işler ministrligi okuwçylaryň zäherlenmegi barada beýannama berdi
Ýakynda ýurduň birnäçe mekdebinde bolup geçen wakalardan we maşgalalaryň arasynda käbir aladalaryň ýüze çykmagyndan soňra,Eýran Yslam Respublikanyň Prezidentiniň buýrugy boýunça bu meseläniň çözülmeginiň tabşyrylandygy bu beýannamada yglan bolandyr.
Eýranyň Içeri işler ministrliginiň hasabatynda ýüze çykýan kynçylyklaryň sebäplerini barlanar we netijeleri Eýranyň asylly halkyna gysga wagtda Saglyk ministrligi tarapyndan habar berler diýilendir.
Bu mesele günbatar ýurtlar üçin, esasanam Amerika üçin bahana bolandyr.
Şol bir wagtyň özünde Waşington, eýran halkyna garşy iň berk sanksiýalary girizmek bilen eýranlylara köp zyýan we ýitgi ýetirendir. Esasan günbatarlylar Eýrana garşy atmosfera we psihologiki we metbugat söweşini döredip her meseläni ulandylar, Eýranda bolup geçen bidüzgünçiliklerde ABŞ we onuň günbatar hyzmatdaşlary Eýrandaky bidüzgünçilikleri güýçlendirmek üçin elinden gelenini etdiler we Eýranyň içerki işlerine göni we aç-açan goşuldylar. Bu tolgunyşyklar we bidüzgünçilikler wagtynda günbatar ýurtlary adam hukuklary meselesiniň bahanasy bilen täze ykdysady we syýasy sanksiýalary girizdiler. Olar Eýran Yslam Respublikasynyň dargamagyny maksat edinipdiler. Indi, eýranly talyplary zäherlendirmek meselesini öjükdirmek bilen, günbatarlylar ondan gural hökmünde ulanmaga synanyşýarlar we Eýran halkyna hamana duýgudaşlyk bildirýärler.
Esasan, Günbataryň Eýrana garşy kampaniýasy, garaşsyz ýurda täsir etmek ýa-da ýurduň talaplaryny peseltmekdir. Günbatarlylaryň bu weýran ediji çemeleşmesi, Eýranyň ýokary derejeli resmileri tarapyndan hem bellendi. Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahiýan özüniň twitter sahypasynda şeýle ýazdy: "Günbatarly käbir resmileriň, eýranly gyz talyplaryň zäherlenmegi baradaky mesele goşulmaklary, duşmanyň bilelikdäki söweşiniň dowamydyr diýdi.
Şeýle hem, Eýranyň Içeri işler ministrliginiň eýranly talyplaryň zäherlenmegi bilen baglanyşykly beren beýanynda: bu meseläniň Eýranda ylym we bilim merkezleriniň ýapylmagy üçin ýüze çykandygyny yglan etdi.