Amir Abdollahian: Ýadro meselesi boýunça gepleşikleriň gapylary hemişelik açyk bolmaz
Eýranyň Daşary işler ministri: Eýranyň Yslam Şura Mejlisinde ýadro gepleşikleriniň çägini kesgitlemek meýilnamasynyň taslamasy gözden geçirilýär we bu ýagdaýda gepleşikleriň gapysy hemişelik açyk bolmaz diýdi.
Wenada birnäçe aýlap dowam eden gyzgalaňly gepleşiklerden soň, sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler ABŞ, ýadro şertnamany bozýan bir tarap hökmünde, Eýranyň esasly talaplaryny we durnukly we ygtybarly şertnama döretmek baradaky talaplary kabul etse, gutarnykly ylalaşyk gazanylar.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian "Al Jazeera" teleýaýlymyna beren interwýusynda ýadro gepleşikleriniň çägini kesgitlemek meýilnamasynyň taslamasynyň Eýranyň mejlisinde gözden geçirilýändigini aýtmak bilen bu ýagdaýda gepleşikleriň gapysy hemişelik açyk bolmaz diýdi.
Amir Abdullahian şeýle-de Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Kataryň elmydama dogry ugurda hereket edendigini we tussaglaryň alyş-çalyş gepleşiklerinde (Eýran bilen ABŞ arasynda) we ýadro şertnamasynda oňyn rol oýnandygyny nygtady.