Kananiniň Azerbaýjan Respublikasyna beren maslahaty: Sionist duşmanyň hakyky niýetlerinden habardar boluň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21160-kananiniň_azerbaýjan_respublikasyna_beren_maslahaty_sionist_duşmanyň_hakyky_niýetlerinden_habardar_boluň
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Azerbaýjan respublikasyndaky musulman doganlara sionist duşmanyň hakyky niýetlerinden habardar bolmagy maslahat berýäris diýdi.
(last modified 2023-04-01T04:49:06+00:00 )
Apr 01, 2023 09:49 Asia/Ashgabat
  • Kananiniň Azerbaýjan Respublikasyna beren maslahaty: Sionist duşmanyň hakyky niýetlerinden habardar boluň

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Azerbaýjan respublikasyndaky musulman doganlara sionist duşmanyň hakyky niýetlerinden habardar bolmagy maslahat berýäris diýdi.

Sionist re regimeim bilen üç onýyllyk gatnaşyklardan soň, Azerbaýjan Respublikasy Tel Awiwde öz ilçihanasyny açmak kararyna geldi, bu çäre palestina halkynyň we toparlarynyň giňden gaharyny getirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Tel Awiwdäki ilçihanasynyň açylmagy bilen bir wagtyň özünde Sionist režimiň Daşary işler ministri Eli Kohen Tel Awiw bilen Bakuwyň arasynda Eýrana garşy hyzmatdaşlygyň artmagy barada çykyş etdi.

Anna güni Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, bu ýurt bilen sionist režimiň Eýrana garşy bitewi front döretmek baradaky ylalaşygyna jogap bermegiň ýerine, esassyz talap bilen, bu ýurduň parlament agzasynyň öldürilmegine Eýranyň gatnaşandygyny öňe sürdi.

Bu mesele bilen baglanşykda Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi düýn (anna) sionist režim bilen Azerbaýjan respublikanyň arasyndaky ylalaşyk barada we Azerbaýjan respublikanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň eden esassyz toslamasy barada twit ýazyp, Azerbaýjan respublikasynyň hökümetinden Sionist režiminiň Daşary işler ministriniň bu ýurt bilen "Eýrana garşy bitewi front döretmek" baradaky ylalaşygy baradaky sözleri düşündirmegini talap etdik, emma Azerbaýjan Respublikanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary jogap bermekden gaçdy we Eýrana garşy täze aýyplama bildirdi diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu twitiň dowamynda şeýle ýazdy: "Dymmagyň dowam etmegi Bakuwyň strategiki hyzmatdaşynyň aýdanlaryny tassyklamak höküminde dälmi?"

Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary şeýle hem sözüni dowam etdirip: Azerbaýjandaky musulman doganlara sionist duşmanyň hakyky niýetlerinden habarly bolmagy maslahat berýäris diýdi.