Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Eýran Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Huseýin Amir َََAbdollahian we Jeihun Baýramow soňky birnäçe günüň içinde üçünji gezek telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu telefon jaňlarynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň halklarynyň we ýurtlarynyň,bähbitlerine laýyklykda has köp media giňişligini dolandyrmagyň zerurlygy nygtaldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň yglan etmegine görä, iki ýurduň paýtagtlarynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky duşuşygyň dowamy bilelikdäki gün tertibindäki meseleleriň biridir.
Ýaş ihabarçylar klubynyň habaryna görä, gepleşikleriň üçünji tapgyrynda iki daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky şertnamalaryň dowam etdirilmegine ünsi çekdiler.