Raisi Eýran bilen Yragyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Yragyň arasyndaky ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmegine we Tähran bilen Bagdadyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ünsi çekdi.
Mehr habar gullugynyň habaryna görä; Şenbe güni agşam geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani Prezident Seýid Ebrahim Raisini we Eýran halkyny Oraza baýramy bilen gutlady.
Bu telefon söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Yrak hökümetini we milletini Gurban baýramy bilen gutlap,Tähran bilen Bagdadyň arasyndaky şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze dereje ýokarlandyrar diýdi.
Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani hem Oraza baýramyny gutlady we bar bolan mümkinçilikleri we medeni we taryhy meňzeşlikleri göz öňünde tutup, iki ýurduň we iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga synanyşmagyň zerurdygyny aýtdy.