Eýran bilen Ummanyň resmileri Aşgabat şertnamasynyň ýerine ýetirilmegi barada gürrüň etdiler
Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri we Ummanyň ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri, ykdysady gatnaşyklary giňeltmek esasanam portlarda we howa pudagynda we Aşgabat şertnamasynyň ýerine ýetirilişinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
IRNA habarlar gullugynyň baharyna görä Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş çarşenbe güni Ummanyň ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Said bin Hamoud Al-Maauli bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Bu söhbetdeşligiň esasy meselesi Aşgabat şertnamasynyň dowam etdirilmegi we ýerine ýetirilmegi we iki ýurduň, bu şertnamany yzarlamagy boldy.
Aşgabat şertnamasy Türkmenistan, Özbegistan, Yrak, Eýran we Umman ýurtlarynyň arasynda baglaşyldy