Amir Abdollahian: Şwesiýanyň Mejlisiniň IRGC baradaky hereketi terrorçy elementleriň tarapyndan bolandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21668-amir_abdollahian_Şwesiýanyň_mejlisiniň_irgc_baradaky_hereketi_terrorçy_elementleriň_tarapyndan_bolandyr
Eýranyň Daşary işler ministri Şwesiýanyň Mejlisiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy baradaky hereketini terrorçy elementleriň öjükdirmegi we Eýran halkynyň ýygrenýän toparynyň tarapyndan bolandygyna yşarat edip IRGC sebitdäki terrorçylyga garşy göreşde iň uly rol oýnaýar diýdi.
(last modified 2023-05-11T10:20:01+00:00 )
May 11, 2023 15:20 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Şwesiýanyň Mejlisiniň IRGC baradaky hereketi terrorçy elementleriň tarapyndan bolandyr

Eýranyň Daşary işler ministri Şwesiýanyň Mejlisiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy baradaky hereketini terrorçy elementleriň öjükdirmegi we Eýran halkynyň ýygrenýän toparynyň tarapyndan bolandygyna yşarat edip IRGC sebitdäki terrorçylyga garşy göreşde iň uly rol oýnaýar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian penşenbe güni Irlandiýanyň Daşary işler ministri Maýkl Martin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Ýewropa Parlamentiniň nädogry hereketine we Şwesiýa Parlamentiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň adyny Ýewropa Bileleşiginiň hamala "terrorçy" diýilýän guramalarynyň sanawyna goşmak baradaky akylsyz hereketini berk ýazgarmak bilen Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdarany, ýurduň milli we serhet howpsuzlygyny goramak üçin jogapkär we sebitdäki terrorçylyga garşy göreşde iň uly rol oýnaýan özygtyýarly guramadyr diýdi.

Amir Abdollahian bu çäräniň terrorçy elementleriň we Eýran halkynyň tarapyndan kowulan elementlerini öjükdirmegi arkaly amala aşyrylandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy bilen Irlandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna ünsi çekdi we iki ýurduň bähbidine bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Irlandiýanyň Daşary işler ministri "Maýkl Martin" hem bu telefon söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Irlandiýanyň raýatyny boşatmak baradaky gumanitar kararyna minnetdarlyk bildirip, bu ýurduň Tähran bilen hyzmatdaşlyk etmek islegine ünsi çekdi.