Günbataryň eýranly tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşmesi
Günbataryň eýranly tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşmesi: olaryň adam hukuklaryna goşa çemeleşmeleriniň nyşanydyr.
Ahyrsoňy, takmynan 5 ýyl geçensoň, Belgiýada tussag edilen eýranly diplomat Asadollah Asadi geçen anna güni Tährana geldi. Ummanyň Daşary işler ministrligi anna güni,Belgiýa bilen Eýranyň arasynda tussag edilen raýatlar meselesini çözmek üçin Ummanyň araçylyk edip bilendigini we adamlaryň Tähran we Brýussel tarapyndan boşadylandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, içalyçylyk edenligi üçin Eýranda tussag edilen Belgiýanyň raýaty Oliwier Wandekastel Eýran tarapyndan boşadyldy.Brussel hem Asadollah Asadini türmeden boşadandyr.
Şeýlelik bilen, Belgiýada zamun alnan diplomat Asadollah Asadi 1789 günlük ýesirlikden soň Eýrana gaýdyp geldi. Asadi Akyl taýdan näsaglar üçin bejerilen türmede 100 gün, ýalaňaç suw bunkerinde 28 gün we penjiresi bolmadyk kamerada 90 gün ýatandyr. Syýasy immuniteti bolan Asadi hamana Germaniýadaky ikiýüzlüleriň(mynapyklaryň) terrorçy toparynyň ýygnagyna bir hüjümi meýilleşdirmekde aýyplanyp bikanun tussag edilipdi.Eýranly bu diplomat Germaniýanyň Karlsruhe kazyýetiniň bikanun hökümi bilen tussag edilenden bir ýüz gün soň, 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Belgiýa geçirildi. Soňra Belgiýanyň "Antwerp" kazyýeti, Asadini bikanun türmä salandyr.Bu erbet karar ,1961-nji ýyldaky Wena konwensiýasyna laýyklykda diplomatik immunitete ters gelýärdy,şeýlelik bilen Eýranly bu diplomata ýigrimi ýyl bikanun türmä kesilipdi. Ol bir ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Asadiniň Tährana geleninden soň ünsi çeken möhüm mesele, Belgiýanyň türmesinde her dürli akyl, psihologiki we fiziki taýdan kemsitmeler we gynamalar sebäpli ejir çeken bu eýranly diplomatyň ýüzündäki aç-açan döwülmegi we wagtyndan öň garramagydyr. Şeýlelik bilen, Günbatar şygarlarynyň we adam hukuklaryna, şol sanda tussaglaryň hukuklaryna hormat goýmak baradaky talaplaryň tersine, Günbatar hökümetleriniň, şol sanda Belgiýanyň adamzada garşy hereketlerini görkezýär.