Zelenskiniň Eýran baradaky ýalan we goşa çemeleşmesi
Ukrainanyň prezidenti, Eýran hakda hiç hili tassyklaýjy resminama berilmedik talaplaryna esaslanyp, Eýrandan Russiýa uçarmansyz uçaryň iberilýändigini toslady.
Ukrainanyň prezidenti, Eýran hakda hiç hili tassyklaýjy resminama berilmedik talaplaryna esaslanyp, Eýrandan Russiýa uçarmansyz uçaryň iberilýändigini toslap , Tehrandan bu meseleniň ýatyrylmagyny öňe sürdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Tehran tarapyndan ençeme gezek inkär edilen aýyplamalara esaslanan täze propaganda görkezişinde Eýranyň halkyndan Russiýanyň tarapyny tutmazlygy toslady.
Zelenskiý talaplaryny dowam etdirip, näme üçin Russiýanyň terrorçylyk hereketlerine şärik bolmak isleýärsiňiz diýip Wideo ýüzlenmesinde toslandyr.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" Zelenskiniň sözlerine jogap edip, Ukrainanyň prezidentiniň ýalan talaplarynyň Günbataryň ýarag kömegini çekmäge gönükdirilendigini aýtdy. "Naser Kanani Çafi" Zelenskiniň bu sözlerini jemgyýetçilik pikirini we esassyz talaplar bilen birleşdirmek syýasy drama hökmünde häsiýetlendirip we ony ähmiýetsiz hasaplap ,Ukraina Prezidentiniň bu gürrüňleriniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy ýalan talaplary gaýtalamak we propaganda we metbugat söweşi diýdi.
Ukraina we käbir günbatar ýurtlary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary, soňky aýlarda Eýranyň Ukrainadaky söweşde ulanmak üçin Russiýany Şahed 131 we Şahed 136 pilotsyz uçary bilen üpjün edendigini öňe sürdi. Eýran Yslam Respublikasy bu talaplary birnäçe gezek ret etdi. Tehran bu söweşde bitarap pozisiýasynyň bardygyny, urşa garşydygyny we Ukrainada ýaraşyk we parahatçylygy talap edýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Ukraina söweşi başlaly bäri, Eýran Russiýanyň we Ukrainanyň bu ugurdaky düşünişmezlikleri çözmek üçin syýasy çözgüt tapmagynyň zerurdygyny aýtdy.