Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 8 ylalaşyga gol çekildi
Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň resmileri bilelikdäki komissiýasynyň 12-nji maslahatynyň soňunda 8 hyzmatdaşlyk senede gol çekdiler.
şu gün Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministri masu karbasiýan ýaňky senetlere gol çekilen mahaly beren gürrüňlerinde geçen iki günüň boýunda Eýran we Azerbaýjan respublikasynyň resmileriniň arasynda geçirlen gepleşikleri netijeli hasaplap bu gepleşikleriň netijesinde ykdysady, söwda we bank komiteti, ýükdaşaýyş we aragatnaşyklar komiteti, energiýa, suw, daşky gurşaw we oba hojalyk komiteti hemde ylmy barlaglar komiteti döredilendir diýip nygtady.
karbasiýan şeýle-de Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyňprezidentleriniň ýörite üns berýän bank hyzmatdaşlyklary hem amala aşyrylmalydyr diýip sözüne goşdy.