Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň açylmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22024-eýranyň_saud_arabystanyndaky_ilçihanasynyň_açylmagy
Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň açylmagy: ABŞ-nyň sebit syýasaty üçin ýene bir şowsuzlykdyr.
(last modified 2023-06-09T10:18:34+00:00 )
Jun 09, 2023 15:18 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň açylmagy

Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň açylmagy: ABŞ-nyň sebit syýasaty üçin ýene bir şowsuzlykdyr.

  Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilmegi bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Riýaddaky ilçihanasy ýedi ýyldan soň (6-njy iýunda) bir dabarada gaýtadan açyldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullygynyň we parlament işleriniň orunbasary Alireza Bikdeli bu dabarada eden çykyşynda , “Bu gün iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm gündir. Saud Arabystanynyň dogan we dost ýurduna gatnaşanymyza örän şat bolýarys diýip nygtady. Bikdeli Saud Arabystanynyň we Eýranyň baýdaklarynyň iki ýurtda galdyrylmagy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejesine ýetjekdigini mälim etdi we ikitaraplaýyn we sebitara gatnaşyklarda täze sahypanyň şaýadydygyny aýtdy. Eýranyň Riýaddaky ilçihanasynyň açylmagy 2023-nji ýylyň 10-njy martynda baglaşylan şertnamadan soň bolup geçýär, Pekiniň araçylygnda Eýran we Saud Arabystany ýedi ýyldan soň diplomatik gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmaga razy boldular . Ondan soň iki tarapyň tehniki toparlary diplomatik ýerleri açmak prosesine syn bermek üçin paýtagtlara iberildi. Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahiýan iýun aýynda Keýptaun şäherinde BRICS ýygnagynyň çäginde Saud Arabystanly kärdeşi Faýsal bin Farhan bilen hem duşuşdy. Amir Abdullahiýan şol duşuşykda Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gazanylan üstünliklerden hoşaldygyny aýdyp, Bagtymyza, iki ýurduň ilçileri bellendi we özara tanyşdyryldy, ilçihanalaryň we konsullyklaryň açylmagyna ýer taýynd diýip nygtady.Saud Arabystanyň Daşary işler ministri hem, Iki tarapyň gaty gowy hyzmatdaşlygy bilen ilçileri bellemek we syýasy we konsullyk missiýalarynyň açylmagyna esas goýmak bilen tiz geçdik we gatnaşyklaryň täze tapgyryna geçýäris diýid.