Kamalwandi: Günbataryň ýadro gepleşikleriniň olar üçin ileri tutulmaýandygyny aýtmagy ýalandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22090-kamalwandi_günbataryň_ýadro_gepleşikleriniň_olar_üçin_ileri_tutulmaýandygyny_aýtmagy_ýalandyr
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary: Günbatarlylar we Amerikalylar metbugatda ýadro gepleşikleriniň ileri tutulmaýandygyny aýtýarlar ýöne bu mesele ýalandyr diýip habar berdi.
(last modified 2023-06-16T06:25:42+00:00 )
Jun 16, 2023 11:25 Asia/Ashgabat
  • Kamalwandi: Günbataryň ýadro gepleşikleriniň olar üçin ileri tutulmaýandygyny aýtmagy ýalandyr

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary: Günbatarlylar we Amerikalylar metbugatda ýadro gepleşikleriniň ileri tutulmaýandygyny aýtýarlar ýöne bu mesele ýalandyr diýip habar berdi.

Eýran Press habar gullugynyň penşenbe güni agşamky hasabatyna görä; Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary Behrouz Kamalwandi, Günbataryň Eýranyň ýadro kuwwatyny ýygnamak isleýändigini aýtmak bilen Amerikanyň arzuwy, Eýranyň ýadro pudagyny ýok etmekdir indi muny aýtmasa-da, ýöňe hemişe yzyndadyr diýdi.

Behrouz Kamalwandi, Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasyndaky şertnamalara ünsi çekmek bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda gaýtadan işledilen kameralar Isfahanyň Sentrifuge önümçilik merkezindedir diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary şeýle-de Agentligiň 29 kamerasy we enjamy ýygnalandygyny we şertnama laýyklykda Natanzda takmynan 10 kameranyň işjeňleşdirilendigini we kameralarda saklanýan maglumatlaryň Eýranda galjakdygyny aýtmak bilen bu maglumatlar ylalaşyk gazanylýança Agentlige berilmez diýip beýan etdi.

Kamalwandi Fordodaky Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň gözegçiliginiň görnüşi barada gürrüň gozgap gözegçilik Fordo-da pademany we ol ýerde goşmaça howpsuzlyk kameralary ýok diýip sözlerine goşdy.