Jun 20, 2023 15:05 Asia/Ashgabat
  • ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklary; Amir Abdollahýanyň Katardaky maslahatlaşmalarynyň esasy tarapy

Eýranyň Daşary işler ministri Kataryň emiri we bu ýurduň Daşary işler ministri bilen duşuşyp, gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşdy we maslahatlaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Kataryň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşmak we gepleşik geçirmek üçin diplomatik wekiliýetiň başynda duşenbe güni agşam Tährandan Doha gitdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Hüseýin Amir Abdallahian, şu gün (sişenbe) günortandan öň Amiri Diwanyna gatnaşanda Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Kataryň emiri bilen duşuşandan soň, Amir Abdollahian Kataryň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri "Şeýh Muhammet bin Abdulrahman Al Tani" bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Ikitaraplaýyn gepleşikler, möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşmak, şeýle hem sanksiýalary ýatyrmak bilen baglanyşykly meseleler Amir Abdulahýanyň Katara eden saparynyň iň möhüm taraplaryndan biridir.

Katardan soň Eýranyň daşary işler ministri Maskata gidip, Omanyň häkimiýetleri bilen maslahatlaşar.

Tags