Jun 20, 2023 15:58 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçisi: Pars aýlag sebiti täze gepleşiklere mätäç

Eýran Yslam Respublikasynyň Saud Arabystanyndaky täze ilçisi Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden başlamagyna ünsi çekip, Pars aýlag sebtiniň hyzmatdaşlygyň we ösüşe esaslanýan howpsuzlyk çäginde täze gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy.

Iki ýyllap dowam eden gepleşiklerden soň, 2023-nji ýylyň 10-njy martynda we Pekinde, Eýranyň we Saud Arabystanynyň milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň arasynda birnäçe gün dowam eden duşuşyklardan we gepleşiklerden soň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin beýannama çap etmek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, 17-nji iýunda Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary kadalaşandan soň ilkinji saparynda Tährana geldi.

Eýranyň Saud Arabystanyndaky täze ilçisi "Alireza Enaýati" "CGTN" teleýaýlymyna beren interwýusynda Hytaýyň Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklary täzeden ýola goýmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen sebit ýurtlarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin biri-biri bilen hyzmatdaşlygy mümkindir diýdi.

Enaýati şeýle-de Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki beýanynyň iki ýurduň söwda gatnaşyklaryna degişlidigini aýtdy.

Tags