Muhammet Abdul Salamyň Amir Abdullahian bilen Maskatda duşuşygy
Ýemeniň milli çykalga döwletiniň baş gepleşikçisi Maskatda Eýranyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy goldawyna we Ýemen halkynyň sansyz görgülerini ýok etmek tagallalaryna ýokary baha berdi.
Yemeniň milli çykalga döwletiniň baş gepleşikçisi "Muhammet Abdulsalam" sişenbe güni gije Msskatda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasyna gatnaşanda Daşary işler ministri "Huseýin AmirAbdollahian" bilen Yemendäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.
Muhammet Abdul Salam Amir Abdollahian bilen duşuşygynda Yemendäki krizisiň soňky ýagdaýy, Saud Arabystanynyň hökümeti bilen gepleşikler, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk we gumanitar ýagdaý barada hasabat berdi.