Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleriniň arasynda baýramçylyk gepleşikleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22298-eýranyň_we_saud_arabystanyň_daşary_işler_ministrleriniň_arasynda_baýramçylyk_gepleşikleri
Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri biri-birini Gurban baýramy bilen gutladylar.
(last modified 2023-06-30T12:28:45+00:00 )
Jun 30, 2023 17:28 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleriniň arasynda baýramçylyk gepleşikleri

Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri biri-birini Gurban baýramy bilen gutladylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri Huseýin Amir Abdollahian we Faýsal bin Farhan biri-birini Gurban baýramy bilen gutladylar.

Amir Abdollahian we Bin Farhan bu söhbetdeşlikde yslam ymmatynyň agzybirliginiň zerurdygyny we dünýä musulmanlarynyň ýagşylygyny we bagtyýarlygyny nygtadylar.

Düýn (penşenbe), 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyna deň bolan 1444-nji ýylyň 10-njy Zul-Hijjah güni, musulmanlaryň iň uly baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy boldy.