Galibaf: IRGC-iň güýji halkdan gelýär
(last modified Sun, 02 Jul 2023 15:36:02 GMT )
Jul 02, 2023 20:36 Asia/Ashgabat

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň güýjüniň halkdan gelýändigini aýtmak bilen Sepah rewolýusiýa, bilim, meşhur, gymmatly we täsirli edara bolup şehitleriň Medeniýet mirasdarydyr diýdi. .

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bagyr Galibaf" ýekşenbe güni Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň aňtaw Guramasynyň şehitleri we şehit bolan serkerdelerini ýatlaýan gurultaýda eden çykyşynda häzirki wagtda Yslam Ynkylabyň Sepah Pasdarany milli we sebit arenalarynda bar güýji bilen, sebitde aňtaw agdyklyk etmegi we milli arenada agalyk etmegi bilen, rewolýusiýanyň duşmanlarynyň ýurdyň içindäki we daşyndaky ähli dildüwşüklerini zyýansyzlandyrýar diýdi.

Galibaf şeýle-de Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň güýjüni we Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň halk arasynda meşhurlygyny saklamagyň möhümdigini aýtmak bilen ýurduň howpsuzlygynyň möhüm bölegini IRGC üpjün edýär diýdi.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy şeýle-de Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň halk bilen ýakyn gatnaşygy bu halk edarany berk saklaýar diýip sözlerine goşdy.