Eýran, mejlisiniň Aziýa Assambleýasynyň agza ýurtlary bilen parlament gatnaşyklaryny giňeltýär
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, Aziýa Assambleýasynyň býudjet komitetiniň çäginde Arap mejlisiniň başlygy bilen geçirilen ýygnakda bu mejlisiň agza ýurtlary bilen parlament gatnaşyklarynyň giňelmegine ünsi çekdi.
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, Aziýa Assambleýasynyň býudjet komitetiniň çäginde Arap Mejlisiniň başlygy Adel al-Asoumi bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Bu ýygnakda Arap mejlisiniň başlygy Tährana ilkinji gezek gelýändigini mälim edip, bu duşuşyklaryň halklara hyzmat etmek we ýurtlaryň bähbitlerini durmuşa geçirmek meselesine gönükdiriljekdigine umyt bildirdi.
Bu ýygnakda Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy hem Eýranyň Yslam şura mejlisi bilen Aziýa Assambleýasyna agza ýurtlaryň, şeýle hem Arap Mejlisiniň arasynda parlament gatnaşyklarynyň giňelmegine ünsi çekdi.