Raisi: Birtaraplaýynlyga we ekstremizme garşy göreşde Eýran bilen Zimbabwe umumy pozisiýalara eýedirler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti birtaraplaýynlyga garşy durmak, hakyky adam hukuklaryny goldamak, ekstremizme, terrorçylyga we separatizme garşy göreşmek, şeýle hem guramaçylykly jenaýatçylyga garşy durmak Eýran bilen Zimbabweniň arasyndaky umumy pozisiýa hasaplady.
Dünýä bilen konstruktiw gatnaşyklaryň çäginde Eýran Yslam Respublikasy diňe bir Ýewropa ýurtlaryna bir ölçegli garaýyş bilen çäklenmän, Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan Afrika we Aziýa yklymlary hem nygtalýar.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni öýlän Eýranyň we Zimbabweniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikdäki ýygnagynda birtaraplaýynlyga garşy durmak, hakyky adam hukuklaryny goldamak, ekstremizme, terrorçylyga we separatizme garşy göreşmek, şeýle hem guramaçylykly jenaýatçylyga garşy durmak Eýran bilen Zimbabweniň arasyndaky umumy pozisiýadygyna yşarat edip bu pozisiýalaryň we garaýyşlaryň paýlaşylmagy diňe ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl, eýsem halkara we dünýä derejesinde-de iki ýurduň bilelikde işlemegine sebäp bolup biler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň dürli ugurlardaky ösüşleri barada durup geçip, Eýranyň Zimbabwe bilen hyzmatdaşlyga we arkalaşygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Raisi birtaraplaýynlyga garşy çykmagyň Eýran Yslam Respublikasynyň kesgitli we prinsipial syýasatlaryndan biridigini aýtmak bilen şu günki sanksiýalaryň garaşsyz halklara we ýurtlara basyş etmek üçin duşmanyň guralydygyny aýdyp muňa garamazdan Eýran Yslam Respublikasynyň dürli pudaklarda Zimbabwe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek islegine ünsi çekdi.
Zimbabweniň prezidenti Emmerson Mnangagwa hem prezident Raisiň Zimbabwä eden saparyndan hoşaldygyny aýtdy we bu sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän täsirli hasaplady we Eýran kompaniýalaryny Zimbabweniň senagat, magdançylyk we oba hojalygy mümkinçiliklerini ulanmaga çagyrdy.
Zimbabweniň prezidenti ABŞ-nyň Eýrana garşy rehimsiz we birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýazgardy we iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň derejesiniň ýokarlanmagyny sanksiýalara garşy çözmegiň netijeli çözgüdi diýip atlandyrdy.