Eýranyň prezidenti Omanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehranda Omanyň daşary işler ministri ýüsüp Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda Tejran-Mukatyň gatnaşyklarynyň geçirminiň giňeldilmegini nygtady.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda ýüsüp Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Omanyň bank hyzmatdaşlyklarynyň şsdürilmegi hemde iki ýurduň täjirleriniň gatnawlarynyň aňsatlaşdyrylmagy tehran-Muskatyň ykdysady gatnaşyklarynyň badalga almagyna mümkinçilik döretjekdir diýdi.
prezident Ruhani şeýle-de Eýran Yslam respublikasy Oman bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyr diýip sözüne goşdy.
Ruhani sözüniň dowamynda durmuşda sebit özgerişleri barada Eýran bilen Omanyň agyr jogapkärçilige eýedirler oňa görä öz tejribelerinden peýdalanyp sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak ugurda ädim ätmelidirler diýip nygtady.