Jul 14, 2023 16:27 Asia/Ashgabat
  • Serdar Fadawi: Ykdysady we medeni söweşde duşmany gynandyrýarys

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş serkerdebaşysynyň orunbasary duşmany ykdysady we medeni söweşde puşman ederis diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesiniň orunbasary Serdar Ali Fadawi: Ýurda garşy duşmançylyk bir salym hem azalmady we duşmanlaryň usullary üýtgedi, bu ykdysady we medeni urşa öwrüldi, bu ugurda-da hem olary puşman ederis diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Serdar Ali Fadawi şu gün (anna) Kerman welaýatynyň 110 obasyna suw üpjünçiliginiň açylyş dabarasynda IRGC-iň halka hyzmat etmekden başga gaýgysy ýokdyr diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesiniň orunbasary şeýle-de mukaddes goragda tutanýerlilik, sabyrlylyk, janaýamazlyk we şehitleriň gany sebäpli duşmanlaryň hereketleri başa barmady, ýöne olaryň ýurda garşy duşmançylygy bir salym hem azalan däldir diýip sözlerine goşdy.

Tags