Zimbabwe,Räisiň Afrika syýahatynyň iň soňky nokady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22494-zimbabwe_räisiň_afrika_syýahatynyň_iň_soňky_nokady
Afrika yklymyna syýahatynyň dowamy hökmünde, Keniýa we Ugandadan soň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ebrahim Räisi geçen 13-njy iýunda Zimbabwede bu ýurduň işgärleri bilen duşuşdy.
(last modified 2023-07-16T12:45:04+00:00 )
Jul 16, 2023 17:45 Asia/Ashgabat
  •   Zimbabwe,Räisiň Afrika syýahatynyň iň soňky nokady

Afrika yklymyna syýahatynyň dowamy hökmünde, Keniýa we Ugandadan soň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ebrahim Räisi geçen 13-njy iýunda Zimbabwede bu ýurduň işgärleri bilen duşuşdy.

Afrika, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňky döwürde Eýranyň daşary syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolupdy, emma "Saýed Ebrahim Räisiniň" ýolbaşçylygyndaky 13-nji hökümetiň işiniň başlany bäri Eýran bu ýurtlara ýokary drejede ser etýär.

13-nji hökümetiň şol bir syýasatyna laýyklykda, Eýranyň daşary işler ministri "Huseýin Amirabdollahiýan" geçen ýylyň tomusynda Mali Respublikasyna we ol ýerden Tanzaniýa we Zanzibar ýurdyna we geçen ýylyň gyşynda hem Mawritaniýa gitdi.Eýran Perezidenti hem geçen çarşenbe güni irden Afrika gitmezden ozal gürrüň berdi.ol , Afrika ýurtlary biziň bilen hyzmatdaşlyga taýyn; Käbir ýurtlaryň bu materige bolan garaýşy ekspluatator, emma Eýran Yslam Respublikasynyň garaýşy, olara hormat we adam mertebesi baradaky garaýyşdyr we bu gatnaşyk syýasy, ykdysady, medeni, ylym we tehnologiýa ýaly dürli ugurlarda bolup biler diýdi. Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ebrahim Räisi şeýle-de Afrika söwdasyndaky paýymyz pes we kämilleşdirilmeli diýdi.

Afrika ýurtlarynyň arasynda Zimbabwe, Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň Eýran bilen hemişe dostlukly gatnaşykda bolan ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurtda bol ykdysady mümkinçilikleriň bolmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek üçin şertler döretdi.

Şol çäkde, geçen ýyl bu ýurduň Senagat ministriniň Eýrana eden sapary wagtynda Eýran-Zimbabwe söwda hyzmatdaşlygy gepleşikleri geçirildi we Bilelikdäki komissiýanyň dokuzynjy mejlisinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi.

15 million ilaty bolan Zimbabwe Afrika yklymynyň günortasyndaky kiçijik gury ýer. Bu ýurduň iň uly şäheri paýtagt Harare; Bu ýurduň ilatynyň arasynda 16 resmi dil bar, olaryň arasynda iň köp ýaýran iňlis dilidir.Oba hojalygy we magdançylyk ýurduň eksportyna ep-esli goşant goşdy we Zimbabweniň ykdysady ösüşine sebäp boldy.Soňky ýyllarda Eýran bilen Zimbabweniň arasyndaky durnukly we dartgynsyz gatnaşyklary, şeýle hem iki ýurduň hem Günbatar tarapyndan sanksiýalara sezewar edilendigini göz öňünde tutsak, Eýran bilen Zimbabweniň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ýokarlanmagynyň netijesi hasap edilip bilner.