Eýran-Belarusyň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22690-eýran_belarusyň_gatnaşyklarynyň_pugtalandyrylmagy
Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri we Belarus Respublikasynyň Goranmak ministri Tähranda goranyş hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.
(last modified 2023-08-02T13:40:08+00:00 )
Aug 02, 2023 18:40 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Belarusyň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy

Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri we Belarus Respublikasynyň Goranmak ministri Tähranda goranyş hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.

  Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri "Muhammet Reza Aştiýani"we Belarus Respublikasynyň Goranmak ministri "Wiktor Horin Gnadowiç" Tähranda goranyş hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri brigada generaly "Muhammet Reza Aştiýani", Belarus Respublikasynyň Goranmak ministri "Wiktor Horin Gnadowiç" bilen öňki duşuşygyna ünsi çekip Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň goranmak ministrleriniň duşuşygynda hem iki ýurduň arasynda köp meseleler boýunça pikir alyşyldy diýdi. Muhammet Reza Aştiýani "Belarus Respublikasy Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär diýdi. ýaňy-ýakynda "Aleksandr Lukaşenkonyň" Eýran Yslam Respublikasyna eden sapary we esasanam Ýslam Ynkylabyň Ýokary Derejeli Lideri we Eýranyň prezidenti bilen duşuşygy muny görkezýär. "

Eýran bilen Belarusyň arasyndaky goranyş hyzmatdaşlygy şertnamasyna iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek prosesinde iň soňky ösüş hökmünde baha berilmelidir, bu iki ýurduň goranyş mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin mümkinçilik döretmekden başga-da, sebitdäki durnuklylygy we  parahatçylygy berkitmek üçin hem täsirlidir.

Belarusyň hemişe Eýranyň dostlarynyň sanawynda bolandygyny we adatça Eýranyň bähbitlerine ters gelýän pozisiýany kabul etmeýändigini ýatdan çykarmaly däldir; Iki ýurduň sebit we halkara meselelerinde pozisiýalary birmeňzeş we umumydyr, iki ýurt hem köp polýar we adalatly dünýä döretmek isleýär.

Belarus Eýranyň goňşusy bolmasa-da, Eýran ýaly Günbatar sanksiýalaryna sezewar edilýär we Ýewraziýa sebitinde ýerleşip, Russiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlygy sebäpli Eýran bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýollaryndan biri hasaplanýar.  

2023-nji ýylyň martynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Eýrana eden sapary wagtynda Tähran we Minsk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasy barada şertnama gol çekdiler, bu şertnamada iki tarapyň hem ykdysady we syýasy gatnaşyklary ösdürmäge gatnaşygyny we gatnaşygyny görkezýär.