Eýranyň goranyş pudagynda ösüşiň dowamy
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň täze strategiki ulgamlary we enjamlary açyldy.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň raketa, pilotsyz uçar we elektron söweş ugurlaryndaky täze strategiki ulgamlary we enjamlary açyldy.
Bu ulgamlar we enjamlar, Eýranyň Aerokosmos guramasynyň, Deňiz senagaty guramasynyň, Goranmak ministrliginiň awiasiýa we elektron senagat guramasynyň şeýle hem bilime esaslanýan kompaniýalaryň, we hususy pudagyň alymlarynyň we hünärmenleriniň tagallalarynyň netijesidir.
Gözleg, aňtaw, hüjüm ediji we söweş uçarmansyz görnüşleri, we goranyş ulgamlary, açylan önümleriň arasyndaky täze ulgamlaryň we enjamlaryň mysalydyr.
IRGC Harby-deňiz güýçlerine goşulan ulgamlaryň we enjamlaryň arasynda radar ulgamlary bilen birlikde dürli kruiz raketa uçuryjy awtoulaglary bar.
Çarşenbe güni, Eýranyň Bumusi adasyndaky IRGC deňiz güýçleriniň türgenleşiginde ilkinji gezek “Kader” kruiz raketa ulgamy we emeli intellekt bilen enjamlaşdyrylan “Fateh 360” ballistik raketasy açyldy we IRGC deňiz flotuna goşuldy.
IRGC Harby deňiz güýçleriniň täze strategiki ulgamlarynyň we enjamlarynyň açylmagy diňe bir Eýranyň harby pudaklarynda ösüşi we täze üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, duşmanlaryň sanksiýalarynyň we hemmetaraplaýyn basyşlarynyň bu ösüşlere we öz-özüni üpjün etmek üçin päsgelçilik däldigini ýene bir gezek görkezýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş doktrinasy halkyň güýçli durnuklylygyna we ýerli mümkinçiliklere esaslanýar we mukaddes goranyş döwründen bäri we Saddam režimi tarapyndan Eýrana garşy sekiz ýyllyk uruşdan bäri Yslam respublikasy ýerli mümkinçiliklere bil baglamak bilen goranyş zerurlyklaryny üpjün etýär.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi ýaragly güýçleriň taýýarlygynyň ýokarlanmagy bilen duşmanlaryň Eýrandan gorkjakdygyny beýan etdiler.