Rewolýusiýanyň ýokary Derejeli lideriniň Eýranyň 86-njy harby deňiz flotiliýasy baradaky beýanaty
Rewolýusiýanyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi Eýranyň 86-njy harby deňiz flotiliýasy buýsançly wezipesini öwdiler
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi geçen ýekşenbe güni Eýranyň Harby deňiz güýçleriniň we 86-njy flotiliýasynyň serkerdeleri we harbylary we olaryň maşgalalary bilen bolan duşuşygynda bu flotuň ýer ýüzündäki üstünlikli we abraýly işiniň zähmetiň, berk erkiň, özüňe ynamyň, dizaýn güýjiň we netijeli dolandyryşň we kynçylyklara garamazdan batyrlygyňwe erjelligiň netijesidigini aýtdylar.
Eýran deňiz flotunyň 86-njy flotiliýasy, şol sanda Dana we Makran nawigatory, 213 günde ilkinji gezek bütin dünýäde ýüzdi; Bu flotiliýa 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda syýahatyna başlady we Eýranyň harby deňiz taryhynda ilkinji gezek Ýuwaş ummanyň iň giň böleginden geçip Mikroneziýa we Polineziýa adalaryndan geçip, günortadaky Magellan bogazyna tarap geçdi,soňra Günorta Atlantik ummanyna girdi we ahyrda Eýranyň territorial suwlaryna dolandy. Yslam respublikasynyň deňiz güýçleri Eýranyň bu wezipesi, Baş serkerdäniň içerki güýje bil baglamak baradaky görkezmesine eýerdi, şol bir wagtyň özünde açyk suwlarda we esasanam Amerikanyň howlusynda güýç görkezmek içerki güýje we bilime bil baglap, gurmagyň mümkindigini subut etdi. Eýran sanksiýalara ähmiýet bermän içerde iň döwrebap goranyş we harby enjamlary bejerdi.
Indi, Eýran Yslam Respublikasynyň strategiki deňiz floty Pars aýlagynda we halkara açyk suwlarda pilotsyz uçarlar we her dürli täze ýerli gämiler, şol sanda ýerüsti we ýerasty gämiler bilen enjamlaşdyrylyp, uly güýje öwrüldi. Global Fire Power web sahypasynyň hasabatyna görä,Eýranyň jemi 398 gämisi (deňiz üstü we suwasty gamileri)bardyr ,we Eýran Yslam Respublikasynyň deňiz floty 2021-nji ýylda altynjy orunyeýeländir.
Şübhesiz, Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz güýçleriniň bu ygtyýarlygy milli bähbitleri goramaga, goranyş we harby maksatlara, şeýle hem deňiz terrorçylygyna garşy durmaga we deňizlerde parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmaga möhüm täsir edýär.