Eýranyň Yslamabatdaky ilçisiniň Pakistanyň Milli güni mynasybetli iberen sargydy
Eýranyň Yslamabatdaky ilçisi Pakistanyň halkyny we hökümetini bu ýurdyň garaşsyzlygynyň 76 ýyllygynyň gelmegi bilen gutlady.
Eýranpress-iň habaryna görä, Reza Amiri Mogadam ýekşenbe güni wideo sargydynda Eýranyň 1947-nji ýylda Pakistany ykrar eden we bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklaryny guran ilkinji ýurtdygyny mälim etdi.
Eýranyň Pakistandaky ilçisi, Eýran bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň çuňňur taryhy we siwilizasiýa gatnaşyklaryna esaslanýandygyny we hemişe giňelýändigini aýtdy.
Amiri Mogadam şeýle-de häzirki wagtda Eýran bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň bozulmaz doganlyk gatnaşyklaryna öwrülendigini we iki ýurduň indi diplomatik gatnaşyklaryň 76 ýyllygyny belleýändigini aýtdy.
Eýranyň Pakistandaky ilçisi şeýle hem gutlag hatynda. Pakistana howpsuzlygy, agzybirligi, durnuklylygy we abadançylygy arzuw etdi.
Pakistan 1947-nji ýylyň 14-nji awgustynda Iňlis kolonializmi gutarandan soň garaşsyz ýurt hökmünde barlygyny yglan etdi we bu gün Pakistanda ýurduň milli güni hökmünde bellendi.