Garibabadi: Derman sanksiýalary BMG-nyň düzgünnamasyna garşydyr
Eýranyň kazyýet häkimiýetiniň adam hukuklary merkeziniň sekretary ABŞ-nyň derman we iýmit ýaly sanksiýalary dünýäde her ýyl on müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolýar we Eýran bu ýurtlaryň biridir diýdi.
"Zalymlykly Amerikan sanksiýalarynyň näsaglaryň saglygyna täsiri" atly ilkinji halkara adam hukuklary konferensiýasy düýn (çarşenbe) Tähranda Kazyýetiň adam hukuklary gullugynyň sekretary Kazem Garibabadiniň we Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň sekretary Seýid Abbas Aragçiniň gatnaşmagynda geçirildi.
IRIB abar gullugynyň habaryna görä; Halkara gatnaşyklarynyň orunbasary we Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary "Kazem Garibabadi" bu ýygnagyň çäginde sanksiýalaryň Eýranyň halkynyň saglygyna ýetirýän täsiri barada metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň lukmançylyk we iýmit ýaly sanksiýalary dünýäde her ýyl on müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolýar we Eýran bu ýurtlaryň biridir diýdi.
Garibabadi şeýle-de Adam hukuklaryny bozýan sanksiýalary bikanun diýip hasaplady we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna garşy gelýändigi sebäpli ýurtlaryň bu sanksiýalary ýerine ýetirmeginiň hökmany däldigini aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçilik gullugy soňky hasabatynda köp sanly keseliň ýaýramagynyň sebäbi hökmünde derman sanksiýalaryny kesgitledi we Ýewropa ýurtlarynyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny ABŞ-a aşa boýun bolmagy diýip yglan etdi.