Mar 24, 2018 16:28 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Amerika Eýran milletini ylmy ösüşden alyp galyp bilmez

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýranly 10 şahsyýete we 3 şerekete garşy gadaganlyklary amala aşyrmak baradaky Amerikanyň soňky hereketini ýazgaryp Waşington döwleti Eýran milletini ylmy ösüşden alyp galmak ugurdaky gadaganlyklaryndan netije almaz diýip nygtady.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Waşington döwletiniň Eýran milletine garşy amala aşyran soňky gadaganlyklary ýene bir gezek Amerikanyň Eýran milletine garşy duşmançylygyny mälim etdi diýip Bahram Gasemi aýtdy.

Amerikanyň maliýe ministrligi Eýranly 10 şahsyýeti we bir şereketi Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynyň maglumatlaryny we eýelenen ideýalaryny ogurlamakda aýyplap olary gadaganlyklar listesine goşdy.

Amerika mundan ozal hem dürli bahanalar bilen Eýranly dürli şahsyýetlere we şereketlere garşy gadaganlyklary ýöredendir.Amerikada Donald Trumpyň iş başyna gelmegi bilen Waşingtonyň Eýrana garşy duşmanlykly syýasatlary hem artandyr.

Tags