Eýranyň BRICS-de resmi agzalygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23012-eýranyň_brics_de_resmi_agzalygy
Eýran Yslam Respublikasy Şanhaýdan soň BRICS-iň agzasy boldy.
(last modified 2023-08-26T13:07:07+00:00 )
Aug 26, 2023 18:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň BRICS-de resmi agzalygy

Eýran Yslam Respublikasy Şanhaýdan soň BRICS-iň agzasy boldy.

BRICS-iň taryhy 2001-nji ýyldan başlaýar. Braziliýa, Russiýa, Hytaý we Hindistan ýaly dünýäniň täze dörän dört ykdysady güýji BRICS toparyny döretmegi teklip etdi. Netijede, BRIC topary 2009-njy ýylyň 16-njy iýunynda resmi taýdan döredildi we 2010-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Günorta Afrikanyň goşulmagy bilen onuň ady BRIC-den BRICS-e üýtgedildi.

BRICS-iň 15-nji sammiti geçen hepte Günorta Afrikanyň Žuhanesburgyň Sandton maliýe etrabynda geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ebrahim Räisi penşenbe güni irden Günorta Afrikanyň prezidenti jenap Siril Ramaphosanyň resmi çakylygy bilen BRICS sammitine gatnaşmak üçin bu ýurda geldi. Bu ýygnakda, Russiýanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň we Hindistanyň liderleri bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Günorta Afrikanyň prezidenti BRICS toparynyň Eýran, Argentina, Saud Arabystany, Müsür, BAE we Efiopiýa ýurtlarynyň bu topara goşulmagy baradaky şertnamany yglan etdi.

Eýranyň BRICS toparyna goşulmagy, 13-nji Eýran hökümetiniň daşary syýasatda gazanan üçünji möhüm üstünligi diýip atlandyryp bolar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmak we Saud Arabystany bilen gatnaşyklary dikeltmek hökümetiň daşary syýasatda gazanan beýleki iki üstünligi boldy. BRICS transkontinental bileleşik bolup, dünýä ykdysadyýetiniň ösýän güýçleri bolup durýan Aziýa, Afrika we Ýewropa yklymlaryndan ýurtlar, şeýle hem iki agzasy Russiýa we Hytaý Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary we weto hukuklaryna eýe bolup, bu toparyň statusyna goşýar.

Eýranyň Şanhaý we BRICS-e goşulmagynyň möhüm habary, Eýrany dünýä ulgamynda izolirlemek syýasatynyň şowsuz bolandygyny görkezýär, şeýle-de Eýran bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem ýatlaýar.Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahiýan, Eýranyň BRICS-e goşulmagy sanksiýalary ýatyrmakda  we söwda alyş-çalyşlaryny giňeltmek üçin mümkinçilikdir diýdi.  

BRICS-iň maksatlaryndan biri, halkara söwdasynyň adaty walýutasy hökmünde bolýan dollary aýyrmakdyr,Eýran hem bu işi alyp barýar.