Eýranyň 13-nji hökümetiň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23024-eýranyň_13_nji_hökümetiň_daşary_syýasatda_gazanan_üstünlikleri
Seýid Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň 13-nji hökümetinden iki ýyl geçdi we daşary syýasat bu hökümetiň üstünlikleriniň göze ilýän ugurlaryndan biridir.
(last modified 2023-08-27T10:03:08+00:00 )
Aug 27, 2023 15:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň 13-nji hökümetiň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri

Seýid Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň 13-nji hökümetinden iki ýyl geçdi we daşary syýasat bu hökümetiň üstünlikleriniň göze ilýän ugurlaryndan biridir.

Seýid Ebrahim Raisiniň hökümetiniň soňky iki ýylda daşary syýasatda alyp barýan iň möhüm strategiýasy, goňşulary ýa-da yslam ýurtlary bilen gatnaşyklary dikeltmek we ösdürmekdyr. Şeýle-de Bu ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Raisiň hökümetiniň gün tertibinde bolsa-da, Saud Arabystany bilen gatnaşyklary täzeden dikeltmäge syn edildi. Hytaýyň töwellaçylygy bilen, geçen martda 7 ýyldan soň Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklar dikeldildi. Iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda Tähranda we Riýadda dört sany diplomatik ýygnak geçirildi. Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklar dikeldilenden soň Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklar meselesi hem çözüldi we arap ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek hem gün tertibinde bolýar.

Daşary syýasatda başga bir strategiýa möhüm sebitara guramalara we toparlara agza bolmakdy. Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna hemişelik agzalygy, şeýle hem BRICS-de resmi agzalygy gazanyldy. Bu guramalara agza bolmagyň iň möhüm netijesi, Eýranyň Ýewropa we Amerika tarapyndan izolýasiýasynyň ýeňilmegi we daşary syýasatda deňagramlylygyň durmuşa geçirilmegi boldy. Bu meselede Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Ali Bageri Käni: Eýranyň BRICS-e goşulmagy, 13-nji hökümetiň daşary syýasatynyň halkara derejesinde Eýranyň Şanhaýa goşulmagyna meňzeýär diýidi. Eýranyň 13-nji hökümetiň daşary syýasatynyň halkara tarapy, Eýranyň halkara gatnaşyklarynda öz ornuny tapyp biljekdigine we Yslam respublikasynyň we halkyň bähbitlerini üpjün etmek üçin halkara gurluşlarynda we mehanizmlerinde täsirli rol oýnap biljekdigine esaslanýar.  Daşary syýasatda 13-nji hökümetiň ýene bir möhüm strategiýasy ykdysady maksatlary üpjün etmekdi. Aslynda, 13-nji hökümetiň goňşuçylyk syýasatynyň möhüm aýratynlygy, sebitdäki ähli ýurtlar üçin, syýasy, howpsuzlyk ýa-da ykdysady ugurlarda ýeňiş gazanmakdyr. Bu mesele, 13-nji hökümetiň ykdysady diplomatiýasynda has aýdyň görünýär.

Goňşy ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek 13-nji hökümetiň syýahatyň başynda möhüm netijelere ýeten maksatlarynyň biri bolupdy we 2,5 milliard dollarlyk oňyn balans goňşular bilen gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň dogry saýlanýandygyny görkezýär. Soňky iki ýylda 13-nji hökümetiň bu ileri tutulmagy, gatnaşyklaryň ösmegine ýol açan köp şertnamalara sebäp boldy; Şol sebäpli 1401-nji ýylyň 11 aýynyň ahyrynda Eýranyň goňşy ýurtlar bilen söwda balansy 28 milliard dollara, Eýran üçin söwda balansy 2 milliard 520 million dollar oňyn boldy.