Sep 02, 2023 15:33 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň bir topar okuwçynyň Arbain ýörişi baradaky hatyna beren jogaby

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri bir topar okuwçynyň Arbain ýörişi baradaky hatyna jogap edip: Arbainiň mukaddes ýörişi, Seýid al-Şuhadanyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) maksady we göreşi hakda oýlanmaga we pikirlenmäge mümkinçilikdir diýip beýan etdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýiniň eserlerini gorap saklaýan we neşir etýän gullugynyň beren habaryna görä, soňky günlerde we Karbala we Arbain Hüseýni zyýaratyna gitmezden ozal Tähranyň mekdepleriniň biriniň okuwçylary Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Hezreti Aýatolla Hameneýi-e hat ýoldap ol hezretlerden Arbain ýörişine has netijeli gatnaşmak üçin teklipler soradylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň bu okuwçylaryň hatyna beren jogabynyň tekstinde, bu mukaddes ýörişde, üns bermek we ýüzlenmek mümkinçiligini elden gidirmäň, şeýle hem Seýid al-Şuhadanyň, sallaLlahu aleýhi we sellemiň, maksady we Hudaýyň bu beýik pidakärçilige beren nygmatlary hakda oýlanmaga we pikirlenmäge berilen mümkinçiligi elden bermäň, bu maksat her bir imanlynyň maksady bolmalydyr diýip getirilipdir.

Hudaýdan üstünlik we ýol görkezmek isläň we şol maksada barýan ýolda berk duruň.

20 Safara gabat gelýän Hezreti Hüseýniň (AS) şehit bolmagyndan kyrk gün soňa, Arbain diýýärler.