Arbain Hüseýni ýörişiniň syýasy sargytlary
Birnäçe ýyl bäri Arbain Hüseýni ýörişi täze we ajaýyp görnüşde geçirildi.
Arbain ýörişiniň möhüm syýasy sargtlaryndan biri halklaryň diplomatiýasyny ulanmakdyr. Şübhesiz, diňe Yrak hökümetiniň tarapyndan 20 milliondan gowrak adamyň huzurly bolmagynda “Arbain Hüseýni " ýörişini geçirmek mümkin däldir, emma bu çäräni geçirmekde Yrak we Yrak däl ýurtlar hem möhüm rol oýnaýarlar. Milletler, milli şahsyýetini göz öňünde tutman we diňe yslam şahsyýeti görnüşinde Arbain ýörişini geçirmekde möhüm rol oýnaýarlar, elbetde esasy roly Yrak halky oýnaýar. Milletleriň diplomatiýasynda iki ýa-da has köp ýurduň halky, hökümetiň iň az gatyşmagy bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýar we olaryň arasynda aragatnaşyk gurýar. Diplomatiýanyň bu görnüşinde adamlaryň we halklaryň özara gatnaşygy resmi diplomatiýanyň edip bilmejek gatnaşyklaryny döredýär.
Arbain Huseýniniň ýene bir möhüm syýasy sargydy hökümetleriň ýakynlygydyr. Arbain medeni we dini hadysadyr. Soňky ýyllarda Arbain dabarasynyň geçirilmeginiň Yrak bilen Eýranyň iki hökümetiniň arasyndaky medeni we dini gatnaşyklary artdyrandygyny gördük. Şonuň üçin “Arbain” hökümetleri has ýakynlaşdyrýar.
Arbain Huseýniniň iň möhüm syýasy habarlaryndan biri, Günbatar Aziýa sebitindäki garşylyk gepleşiklerini güýçlendirmekdir. Arbain pikiri we şehit bolan garşylyk serkerdeleriniň kömegi bilen Eýran bilen Yragyň iki döwleti birnäçe ýyl bäri birleşen frontda bolup, takfiri akymyny ýok etmek we garşylyk gepleşiklerini güýçlendirmek üçin öz güýçlerini ulandylar. Rewolýusiýanyň Belent Mertebeli Yolbaşçysynyň Beýanatynda Arbain-de, millionlarça adamyň gatnaşyandygy ,Musulmanlar toparynyň bu ägirt uly hereketi, dünýäde şöhlelenýändigi aýdylandyr. Emma Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri bir topar okuwçynyň Arbain ýörişi baradaky hatyna jogap edip: Arbainiň mukaddes ýörişi, Seýid al-Şuhadanyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) maksady we göreşi hakda oýlanmaga we pikirlenmäge mümkinçilikdir diýip beýan etdiler. Yslam rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň bu okuwçylaryň hatyna beren jogabynyň tekstinde, bu mukaddes ýörişde, üns bermek we ýüzlenmek mümkinçiligini elden gidirmäň, şeýle hem Seýid al-Şuhadanyň, sallaLlahu aleýhi we sellemiň, maksady we Hudaýyň bu beýik pidakärçilige beren nygmatlary hakda oýlanmaga we pikirlenmäge berilen mümkinçiligi elden bermäň, bu maksat her bir imanlynyň maksady bolmalydyr diýip getirilipdir.