Amir Abdollahian Braziliýanyň Milli gününi gutlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23100-amir_abdollahian_braziliýanyň_milli_gününi_gutlady
Eýranyň Daşary işler ministri Braziliýaly kärdeşini Braziliýanyň Milli güni bilen gutlady.
(last modified 2023-09-08T03:58:22+00:00 )
Sep 08, 2023 08:58 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian Braziliýanyň Milli gününi gutlady

Eýranyň Daşary işler ministri Braziliýaly kärdeşini Braziliýanyň Milli güni bilen gutlady.

Mehr habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Braziliýanyň Daşary işler ministri Mauro Wieira X sosial ulgamynda çap eden hatynda, Braziliýanyň Milli gününi gutlamak bilen, Braziliýanyň BRICS-däki aýratyn pozisiýasy we Eýranyň bu topara girmegi sebäpli iki ýurduň arasyndaky köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklar ähli syýasy we söwda ugurlarynda hasam giňelmegine umyt bildirdi.

Tähran bilen Braziliýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 117 ýyllyk taryhy bar we Eýran 1960-njy ýylda Braziliýanyň täze paýtagtyndaky ilçihanasyny açan ilkinji ýurt boldy.