Sep 12, 2023 13:08 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Liwiýadaky tupandan we suw joşmasyndan soň bu ýurduň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Ortaýer deňziniň tropiki tupany "Daniel" güýçli ýagyşlara, suw joşmalaryna, transport ýollarynyň suw basmagyna we Liwiýanyň gündogaryndaky giň sebitlerde aragatnaşyk ýollaryna girmegini düýpli kesdi.

Bu tupanyň ýüze çykmagy ýüzlerçe adamyň ölümine, ýaralanmagyna we ýitirim bolmagyna sebäp boldy we ýaşaýyş jaýlaryna we ýollara zeper ýetdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" düýn (duşenbe) Liwiýanyň käbir ýerlerinde tupan we suw joşmalaryna gynanýandygyny we duýgydaşlyk bildirýändigini aýtmak bilen Liwiýanyň halkyna we hökümetine bu ýurduň köp sanly raýatynyň ölmegi we ýitirim bolmagy üçin gynanç bildirdi.

Liwiýanyň gündogarynda ýerleşýän hökümetiň saglygy goraýyş ministri bu Afrika ýurtundaky suw joşmasynda ölenleriň sanynyň 2000-den gowrak adama ýetendigini habar berdi.

Şeýle-de duşenbe güni agşam Liwiýanyň Milli Bitewilik hökümetiniň premýer-ministri Abdol-Hamid al-Dabibah metbugat ýygnagynda bu ýurduň gündogaryndaky tupan we suw joşmasy sebäpli üç günlük ýas tutýandygyny yglan etmek bilen bu suw joşmasynyň Liwiýanyň taryhynda görlüp-eşidilmedik derejede bolandygyny aýtdy.

Tags