Birleşen Milletler Guramasynyň mejlisinde Eýran prezidentiň ikinji gezek çykyşy
(last modified Mon, 18 Sep 2023 16:09:04 GMT )
Sep 18, 2023 21:09 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasynyň mejlisinde Eýran prezidentiň ikinji gezek çykyşy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Eýran prezidenti "Seýed Ebrahim Raisi",ikinji gezek çykyş etýär.

 

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýed Ebrahim Raisi", Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş etmek üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy wezipesinde işlän iki ýylynda, ikinji gezek Birleşen Milletler Guramasyna gitdi.

Baş Assambleýada çykyş etmek, döwlet baştutanlary bilen duşuşyk gecirmek we ABŞ-da ýaşaýan eýranlylaryň gatnaşmagynda çykyş etmek "Seýed Ebrahim Raisiň" bu saparda meýilnamalaryndan bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy öz işine her ýylyň sentýabr aýynyň üçünji hepdesinden başlaýar we dünýäniň syýasy liderleri we esasanam bu ýurtlaryň prezidentleri bu cygnaga gatnaşýarlar. Seýed Ebrahim Raisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda geçen ýyl ilkinji gezek çykyş edip, Amerikanyň DAEŞ-ny döretmek we goldamakdaky jenaýatlaryny ýatlady, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýed Ebrahim Raisi", şeýle hem Trumpyň general Haj Kasem Soleýmanyň şehit etmek baradaky buýrugy bilen baglanyşykly çykyşynda şehit Soleýmanyň suratyny galdyryp we biraz gürrüň etmedi.  Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýed Ebrahim Raisi",, ýadro şertnamasyna we BMG-nyň kararyna  ähli taraplaryň ygrarly bolmagyň zerurdygyny aýtdy we öz döwletiniň dünýäniň ähli ýurtlary, esasanam goňşy ýurtlar bilen netijeli aragatnaşyk isleýändigini ýatlatdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, bu halkara guramanyň bäş esasy sütüniniň biri we ähli agzalaryň ses bermek hukugy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ýeke-täk sütünidir; Şol sebäpli Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Nýu-Yorkorka eden sapary köp babatda möhüm hasap edilmeli, sebäbi bu Eýranyň halkara ösüşleri baradaky pikirlerini beýan etmek üçin bir pursat hasaplanýar. Aslynda Baş Assambleýanyň ýyllyk ýygnaklary iň möhüm halkara çäresi hökmünde dünýä ýurtlarynyň ýokary derejeli işgärleriniň köpüsiniň bolmagy sebäpli ikitaraplaýyn gepleşikleri üpjün edýän halkara syýasy geňeşmeler üçin amatly mümkinçilikdir.

 

 

Tags