Abu-Dabide Galibaf Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23316-abu_dabide_galibaf_birleşen_arap_emirlikleriniň_prezidenti_bilen_duşuşdy
Eýranyň mejlis başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada maslahatlaşdy.
(last modified 2023-10-06T05:26:01+00:00 )
Oct 06, 2023 10:26 Asia/Ashgabat
  • Abu-Dabide Galibaf Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti bilen duşuşdy

Eýranyň mejlis başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada maslahatlaşdy.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň goňşulary bilen gatnaşyklar bolan daşary syýasatda ileri tutýan meselesine ünsi çekmek bilen bu aralykda, ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösmegi we goňşy ýurtlaryň, esasanam Pars aýlagynyň ýurtlary bilen durnukly howpsuzlygyň ýola goýulmagy gaty möhümdir diýdi.

Galibaf sözüniň dowam BAE-de eden saparyny Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşyklary ösdürmek we geçmişe baha bermek üçin çynlakaýlygynyň görkezijisi hasaplap iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň BAE-nyň prezidentine Eýrana baryp görmek islegine we çakylygyna ünsi çekmek bilen gatnaşyklaryň ösüşi esasanhem ykdysady we howpsuzlyk ugurlarynda aýratyn möhümdir we bu sebitiň şertleri we ýakynda iki ýurduň goşulan Ýewraziýa we BRICS bilen baglanyşykly has möhümdir diýdi.

Galibaf şeýle-de Eýranyň we BAE-iň geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, dünýäniň esasy ykdysady merkezine öwrülip bileris we bu mümkinçilik ikitaraplaýyn gatnaşyklar we BRICS-e agza bolmak sebäpli iki ýurduň arasynda bar diýdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti Muhammet bin Zaýed Al Nahýan hem bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak taryhyna yşarat edip käwagt halkara şertler ýurtlaryň arasynda uzaklyga sebäp bolýar we bu ugurda has ýakyn gatnaşyklar üçin çözgüt tapmaly bolýarys, şol bir wagtyň özünde Eýranyň täze ilçisini Abu Dabä ibermek gatnaşyklaryň ösmegine has köp itergi berýär diýdi.