Raisi: Siriýadaky hüjümiň jogapkärçiligi terrorçylaryň daşary ýurtly tarapdarlarynyň üstünedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23320-raisi_siriýadaky_hüjümiň_jogapkärçiligi_terrorçylaryň_daşary_ýurtly_tarapdarlarynyň_üstünedir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Siriýadaky terrorçylykly hüjümi terrorçylaryň daşary ýurtly tarapdarlary, şol sanda bu ýurduň territoriýalaryny basyp alanlaryň üstüne oklady.
(last modified 2023-10-06T12:47:42+00:00 )
Oct 06, 2023 17:47 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Siriýadaky hüjümiň jogapkärçiligi terrorçylaryň daşary ýurtly tarapdarlarynyň üstünedir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Siriýadaky terrorçylykly hüjümi terrorçylaryň daşary ýurtly tarapdarlary, şol sanda bu ýurduň territoriýalaryny basyp alanlaryň üstüne oklady.

Düýn (penşenbe) terrorçylyk toparlary Homs welaýatynda (Siriýanyň günbataryndaky) söweş kollejiniň afiserlik okuwlaryny gutaranlaryň dabarasyna pilotsyz hüjümler bilen hüjüm etdiler.

Siriýanyň Saglygy goraýyş ministrligi bu terrorçylykly hüjümde ölenleriň sanyny 89, ýaralananlaryň sanyny 277 diýip yglan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi anna güni terrorçylykly waka üçin Siriýanyň prezidente, hökümete, goşuna we Siriýanyň halkyna gynanç hatyny ýazmak bilen soňky aýlarda Siriýada terrorçylykly hüjümleriň we hereketleriň dowamy bu ýurtda durnuklylygyň, gurulmagyň we doly howpsuzlygyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen terrorçylara aňtaw, howpsuzlyk we maddy-tehniki goldawyň dowam etmeginden gözbaş alýar diýdi.

Raisi sözüniň dowamynda Siriýadaky DAEŞ we Takfiri terrorçylarynyň operasiýalarynyň we hereketleriniň dowam etmegi Sionist režimiň Siriýanyň milli özygtyýarlylygyna garşy agressiýasynyň paralel we goşmaça çäresidir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de şübhesiz, bu pajygaly wakanyň jogapkärçiligi terrorçylyk toparlarynyň daşary ýurtly tarapdarlary, şol sanda Siriýanyň ýerlerini basyp alanlaryň üstünedir diýdi.