Palestina halkynyň kanuny goramagyny Eýranyň goldamagy
(last modified Mon, 09 Oct 2023 13:45:09 GMT )
Oct 09, 2023 18:45 Asia/Ashgabat
  •  Palestina halkynyň kanuny goramagyny Eýranyň goldamagy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Jyhad hereketiniň Baş sekretary we Hamas hereketiniň syýasy edarasynyň başlygy bilen aýry-aýry jaňlarda Palestindäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

 

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Jyhad hereketiniň Baş sekretary we Hamas hereketiniň syýasy edarasynyň başlygy bilen aýry-aýry jaňlarda Palestindäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak bilen Sionist režimiň pese gaçýandygyny we garşylyk frontyň ýeňişler ýolyndadygyny aýtdy.

Palestina Yslam çydam Hereketiniň (Hamasyň) syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Seýid Ybrahym Räisi palestinaly mujahitleriň baslyp alynan ýerlerinde görkezen edermen we ýeňişli işlerine ýokary baha berip,Yslam ymmatynyň buýsanç çeşmesi bolmagy üçin palestinalylaryň garşylygyny abraý, mertebe we buýsanç hasaplady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem Palestinanyň Yslam Jyhad Hereketiniň Baş sekretary "Ziýad Nahale" telefon edip, Eýran hökümetiniň we halkynyň palestina halkyna salamlaryny gowşurdy we ajaýyp ýeňişleri gutlady we Mujahidleriň we Palestinanyň çydam güýçleriniň täsirli ýeňişlerini öwdi. Seýid Ybrahym Räisi Basyp alýjy sionist režimi bilen bolan söweşde Al-aksa Tupany operasiýasy soňky 70 ýylda ullakan we üýtgeşik waka bolup geçdi we bu innowasiýa we ýeňişli operasiýa bilen yslam halky hakykatdanam begendi diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň bu telefon gepleşikleri, Palestina çydamy geçen şenbe güni (7-nji oktýabr) irden ilkinji gezek "Al-Aksa Tupany" harby operasiýasynyň başlamagy bilen sionist režime garşy deslapky operasiýa başlandan soň boldy. Hamas müňlerçe raketa bilen basyp alynan ýerlere hüjüm etdi. Şeýle hem, ilkinji gezek palestinaly çydam söweşijileri Gazanyň serhet diwaryndan geçip, käbir sebitlerde operasiýa başlandan 24 sagat geçenden soň Sionist şäherçelerine aralaşdy. Emma çaknyşyklaryň dowamynda sionist güýçler ýagdaýy dolandyryp bilmediler.

Sionist režimine durmuş, maliýe, syýasy we howpsuzlyk taýdan palestinanyň bu täsin operasiýasy agyr urgy bolandyr.     

Hakykat, garşylyk toparlarynyň sionist basybalyjylaryna garşy söweşi konfliktiň ähli düzgünlerini üýtgetdi; Indi, ýaş palestinaly nesil garşylyk toparlary bilen bilelikde Kudusy basyp alyjylar bilen has güýçli we tutanýerli ýüzbe-ýüz bolýar. bu sionistler bilen haýsydyr bir ylalaşygyň we aragatnaşygyň oňin bolmajakdygyny görkezýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan, basyp alyjy Sionist režimiň terrorçylykly kimligi bilen söweşmege agzybirlik we çydam gerekdir .