Raisi Sionistleriň jenaýatlaryna garşy halkara guramalarynyň rol oýnamagyny isledi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Halkara guramalar parh goýmazdan sionistleriň jenaýatlary barada öz borçlaryny ýerine ýetirmelidirler diýdi.
Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) harby bölüminiň Ysraýylyň basyp alyjy režimine garşy geçirilen "Al-Aqsa tupany" diýlip atlandyrylýan operasiýadan soň, sionist režim Gaza zolagyna hüjüm etdi we bu hüjümler dowam edýär.
Kudsy basyp alan režimi Gaza zolagyna hüjümlerini dowam etdirýän bir wagtyň özünde, Palestina Saglygy goraýyş ministrligi soňky statistikalarda sionist režimiň hüjümleri sebäpli 1000-den gowrak adamyň şehit bolandygyny we 5000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Bu mesele bilen baglanşykda Eýran Pressyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýid Ebrahim Raisi" sionistleriň Palestiniň bigünä halkyna garşy eden jenaýatlaryny ýazgarmak bilen Sionistler dünýäniň gözüniň alnynda adamzada garşy jenaýat edýärler şonuň üçin ähli halkara guramalar bu ugurdaky borçlaryny hiç hili kadadan çykmazdan ýa-da diskriminasiýa etmezden ýerine ýetirmelidir diýdi.
Şeýle hem düýn Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi we Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salman telefonda Palestindäki wakalar we Sionist režiminiň uruş jenaýatlaryny duruzmagyň zerurlygy barada söhbet etdi.