Oct 17, 2023 15:59 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Sionistleriň jenaýatlary dowam etse, hiç kim musulmanlary we garşylyk güýçlerini saklap bilmez

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Musulman halklary we hatda dünýäniň musulman däl halky basyp alyjy režimiň dowam etdirýän jenaýatlaryna gaty gaharlanýar we bu wagşyçylyklar dowam etse, dünýäniň musulmanlary we garşylyk güýçleri sabyrsyz bolar we hiç kim olary saklap bilmez diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý sişenbe güni Eýranyň saýlanan şahsyýetleri we ýokary ylmy zehinlileri bilen bolan duşuşygynda sionist režimiň basyp alnan ýerlerde Palestinanyň ezilen halkyna garşy dowam etdirýän jenaýatlaryna ünsi çekip basyp almyjySionist režimi suda çekilmelidir diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi Palestinanyň häzirki meselelerini sionist režimiň aç-açan jenaýaty we bütin dünýäň öňünde açyk nesil gyrgynçylygy diýip atlandyrdy we sionistleriň hereketlerini syýasylaşdyrmakda Amerikalylaryň anyk roluna yşarat edip Käbir ýurtlaryň resmileriniň Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri bilen bolan söhbetdeşliginde näme üçin palestinalylar parahat ilaty öldürdi? Bu sözlem ýalan , sebäbi ilatly şäherçeleriň ýaşaýjylary parahat ilat däl we ýaragly, ýöne hatda asuda ilatdygyny çaklamak bilen, näçesi öldürildi we näçe palestinaly raýat şehit bolup dur diýip sorag berdiler.

Aýatolla Hameneý sözüniň dowamynda Ysraýylyň basyp alayjy režmi bu sanlardan ýüz esse, ýagny birnäçe müň aýal-gyz, çaga, garry we ýaş raýatlary öldürdi we ilatyň ýaşaýan ýerlerini bilýän ilatly merkezleri we binalary bombaladi we dünýä halkynyň gözüniň öňünde jenaýat edýär diýip nygtadylar.

 

Tags